Fransuz farmasewtik kompaniýasy HRA Pharma göwreliligiň öňüni alýan gormonal gerdejikleri ABŞ-da dermannamasyz satmaga rugsat soraýar. Bu Ýokary kazyýet Roe v. Wade kararyny ýatyranyndan soň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasynyň (FDA) berjek töwekgelçilikli karary bolar.
Dowamy
Aýbaşy garyplygy – bu aýbaşa degişli önümlere, bilime, gigiýena serişdelerine, zyňyndy dolandyryjy ulgamlara ýa-da olaryň birnäçesine bolan elýetersizlikdir. Bu elýetersizlik dürli sebäplere görä ýüze çykyp bilýär: maddy kynçylyklar, medeni däp-dessurlar, şeýle-de sosial, ykdysady we syýasy sebäpler.
Aýbaşy garyplygy aýbaşyny başdan geçirýän ~45 million bosgunlaryň arasynda çözülmedik uly meseleligine galýar. Garyplyk aýallary prokladkalaryň ýerine gazetleri, ýapraklary we hatda, çagalaryň eşiklerini ulanmaga mejbur edýär.
Dowamy
BMG-nyň Ilat Gaznasynyň täze hasabatyna görä, pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýan aýallaryň üçden birine golaýy 19 ýa-da ondan kiçi ýaşlarynda çaga edip başlaýarlar.
Ýetginjek enelerden dogulýan ilkinji çagalaryň 50%-e golaýy 17 we ondan kiçi ýaşlylardan dogulýarlar.
Dowamy
COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi we Pekinde Omikronyň täze görnüşiniň tapylmagy Hytaýyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşini kynlaşdyrdy.
Dowamy
Temperaturanyň ýokarlanmagy
çagalaryň wagtyndan ir we öli dogulmagyna sebäp bolup biler. Emma, ekspertler ýylylygyň göwrelilige salýan howpy barada bilimiň azlygyny we onuň ejiz aýallara edýän täsirini öwrenmek üçin has köp ylmy gözlegleriň zerurdygyny aýdýarlar.
Hindistanda ýylylyk tolkunlary adaty ýagdaý hem bolsa, şu ýyl jöwzaly yssy adatdakysyndan has ir başlady we tomusdan öň rekord derejä ýetdi. Hindi Meteorologiýa Bölüminiň habaryna görä, demirgazyk-günbatar we merkezi Hindistanda Aprel aýy 122 ýyldan bäri iň yssy aý boldy.
Dowamy
BSGG-nyň beýanatyna görä
, klimatyň üýtgemegi we barha howp salýan ýylylyk tolkunlary, ýangynlar, azyk howpsuzlygy we beýleki sebäpler bütin dünýäde psihiki saglyga zyýan ýetirýär.
BSGG ýurtlara klimatyň üýtgemegine garşy göreş meýilnamalaryna psihologik goldawy goşmagy maslahat berýär.
Howa hapalanmasy we ekologiki betbagtçylyklar mejbury migrasiýanyň, daşky gurşawyň deňsizliginiň, ynjalyksyzlygyň, trawmanyň, stresiň we solastalgiýanyň (ekosistemanyň ýitmegi sebäpli döreýän gamgynlyk) artmagyna iterýär.
Dowamy
Ýönekeý howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek arkaly, ýol heläkçilikleriniň köpüsiniň öňüni alyp bolýar. The Lancet-de çap edilen ylmy barlaglara görä, sürüş tizligini peseltmek her ýyl dünýäde 540,000 adamyň ömrüni halas edip biler.
Dowamy
BSGG-nyň bellemegine görä, maýmyn mamasynyň dowamly ýaýramasy ejiz toparlara, şol sanda göwreli aýallara, immunoýetmezçiligi bolanlara we çagalara howp salyp biler.
Ýewropada çagalara maýmyn mamasynyň ýokuşmagy hasaba alyndy, emma olaryň hiç biri keseli agyr geçirmedi.
BSGG-nyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlar komiteti "mümkin boldugyça gysga wagtda" bu wirusyň global jemgyýetçilik saglygynyň gaýragoýulmasyz hadysasydygyny ýa-da däldigini anyklamak üçin ýygnanyşar.
Dowamy
5-nji iyulda 51 ýurtdan 180 ekspertiň gatnaşmagynda 6 ýyllap taýýarlanylan BMG-nyň adam hukuklary baradaky möhüm resminamasynyň täzelenen görnüşi çap edildi.
173 döwlet Gynamalara we beýleki rehimsizliklere, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşmelere we jezalandyrylmalara garşy konwensiýa gol çeken hem bolsa, bu tejribeler bütin dünýäde dowam edýär.
Dowamy
Hindistanda
wazektomiýa (göwreliligiň hemişelik öňüni almak üçin ujydyň sperma geçirýän turbajyklaryny kesýän ýa-da böwetleýän hirurgiki operasiýa) ujydyň işjeňligini peseldýär diýen toslamalar, jynsy gatnaşyk barada açyk gürleşmegiň utanç hasaplanmagy we "göwreliligiň öňüni almak aýallaryň işi" diýen ynançlar köplenç erkekleriň maşgalany meýilleşdirmäge gatnaşmagyna böwet bolýar we göwreliligiň öňüni almak jogapkärçiligi ýene aýallaryň üstüne düşýär.
Dowamy