17-nji sentýabr – Bütindünýä Pasiýent Howpsuzlygynyň Güni
Pasiýent (näsag) howpsuzlygy – bu näsaga ideg edilende, ony öňüni alyp bolýan dürli fiziki we fiziki däl zeperlerden we töwekgelçiliklerden goramakdyr.
Global farmasewtiki şereketi Novo Nordisk 50 sany pes we orta girdejili ýurtlara insulin kömegini berer. Bu insulin diabetli näsaglar üçin ulanylar. Gymmaty 1.3 million amerikan dollaryna barabar bolan insuliniň we glýukagonyň kömek hökmünde berilmegine COVID-19 pandemiýasy itergi berdi. Çünki pandemiýa döwründe diabet ýaly ýokuşmaýan kesellerden ejir çekýän adamlar ölümden halas ediji bejergileri almakda kynçylyk çekýärler.
Biz Saglyk topary bolup, bir ýylyň dowamynda biz bilen hyzmatdaşlyk edýän blogerlerden täsirli we güýçli blog ýazmakda ulanýan tärlerini we beýleki blogerlere maslahatlaryny paýlaşmaklaryny haýyş etdik. Şoňa görä-de, bu kitapça bir adamyň däl-de, birnäçe blogerleriň tejribelerine we maslahatlaryna esaslanýar.
Bloger – bu özüni gyzyklandyrýan mowzuklary barada internetde makala ýa-da post ýazýan adamdyr.
Sentýabr aýynyň 22-ne Instagramda Kerim Hally "Erkekleň adyndan" diýlip atlandyrylan wideony goýdy. Bu wideo ýaşlaryň arasynda uly seslenme döretdi. Biz wideoda gozgalýan meseleleri ele alyp, olaryň türkmen jemgyýetimize ýetirip biljek täsiri barada söz açmakçy. Ähli okyjylar düşüner ýaly, awtoryň wideoda beýan eden pikirleriniň ýazgysyny goşýarys:
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!
Siz üçin şeýle dabaraly baýramçylyk gününde adamlaryň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli, ýeňil bolmadyk zähmetiňiz üçin uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär. Hünärleriň hiçisi hem adamyň içki dünýäsine şeýle ýakyn aralaşyp, onuň syrly öwrülmeleriniň, begenjiniň, gynanjynyň, alaçsyzlygynyň, ýeňşiniň, tolgunmalarynyň şaýady bolýan däldir.
Çünki Siz dünýäde gymmaty çäksiz bolan Saglygy gaýtaryp berme bilen, Adama ömür, umyt, bagt, ynam berýärsiňiz.
Şeýle dabaraly günde Size saglyk, maşgala abadançylygyny we bagty, rowaçlygy, hünäriňizde uly gadamly ösüşleri we abraýly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.
Mähriban ýaşlar, bu gün Size "Ärgerek" app-ini hödürleýäris. App ökde türkmen hünärmenleri tarapyndan ýasalyp, ýaşlaryň iň möhüm meseleleriniň birini çözmekde ýardam bermek üçin meýilleşdirilen. Bu app ýaşlaryň özlerine taý gözlemekde köp gaýgy-aladalary ýeňilleşdirer.
Pursatdan peýdalanyp, "Ärgerek" app-ni işläp düzüjiler toparyna ýaşlar üçin şeýle peýdaly iş edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirýäris. Höwri köp bolsun! Ulanyjylara bagt getirsin!
"Ärgerek" Android we iOS platformalarynyň ikisinde hem işleýär we ýüklemesi tölegsizdir.
Sen türkmenistanlylaryň durmuşyna peýda getirjek manyly işleri etmäge mümkinçilik gözleýärmiň? Ajaýyp bir pikiriň bolup, ony durmuşa geçirmekde goldaw, resurslar, we özüň bilen pikirdeş adamlar kemçilik edýärmi?
Biz seni innowasion hyýalyňy hakykata öwürmek üçin öňe ädim ätmäge çagyrýarys. Bize özüň barada gürrüň ber. Şeýle-de, proýektiň maksatlary we onuň türkmen halkyna ýetirjek peýdalary baradaky pikirleriňi paýlaş.
Sen ýa ýeke özüň ýa-da topar bolup anketa dolduryp bilersiň.
Innowasion Laboratoriýanyň maksady sen ýaly döwrebap pikirli türkmen ýaşlaryna, blogerlerine we ýaş aktiwistlerine sosial mediýa we jemgyýetçilik ösüşine (bilim, saglyk, biznes, kanun we oba-hojalygy) degişli Maglumat & Aragatnaşyk Tehnologiýasynyň (ICT) peýdaly taraplaryny köpçülige ýetirmäge hem-de beýleki innowasion ideýaly ýaşlar bilen birleşmäge kömek etmekdir. Laboratoriýa bu kömegi türkmen ýaşlarynyň amaly ukyplaryny, professional zolagyny we Türkmenistanda elýeterli tehnologiýalara bolan gatnaşygyny giňeltmek arkaly amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Anketalar 2019-njy ýylyň Ýanwar aýynyň 31-ne (UZALDYLAN!!!) Fewral aýynyň 15-ne çenli kabul edilýär. Saýlanan dalaşgärler 4 günlük intensiw seminara gatnaşarlar. Seminarlar Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde 2019-njy ýylyň Aprel aýynyň 14-22-si aralygynda geçiriler. Seminar gatnaşyjylara döwrebap proýekt ideýalaryny ösdürmäge, ideýalary bilen çykyş etmäge we maliýe kömegini almaga mümkinçilik döreder. Seminaryň soňunda şowly çykan proýektlere maliýe kömegi hödürlener. Gatnaşyjylaryň seminara degişli ähli çykdajylary gurnaýjy tarapyndan ýapylar.
Soraglaryň bolsa This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. adresine ýazyp habarlaşyp bilersiň. Doldurylan anketalary hem şu adresa iber.
Iňlis alymlary birinji bolup wagtyndan öň döreýän ölümçilik bilen şol bir lukmanyň gözegçiliginde galmagyň arasyndaky baglanşygy ýüze çykardylar.Siz megerem şol bir lukmanyň gözegçiliginde bolunmagynyň peýdalylygy barada eşidensiňiz.
Näme üçin şol bir lukmanda saklanmak peýdaly? 22 sany geçirlen uly barlaglarda saglygy saklaýyş ulgamy we medeniýeti dürli bolan 9 sany döwletden alnan maglumatlara seljerme berildi. Barlagyň awtorlary, sorag etmeleriň 82%-de şol bir lukmanda gözegçilikde bolunma bilen pes ölümçiligiň arasynda uly arabaglanşygyň bardygyny bellediler. Ekspertleriň bellemegine görä, onuň esasy sebäbi – lukman bilen näsagyň arasynda döreýän ynamly gatnaşyklardyr. Bu iki tarap üçin hem peýdalydyr.
"Näsagyň hemme maslahatlary berjaý etmegi ýa-da etmezligi, belli bir lukmana dörän ynamlylygyna baglydygy biziň hemmämize mälimdir" diýip, barlaga gatnaşan lukman Greý belleýär.
Barlaglaryň netijesi belli bolan taglymaty tassyklaýar: lukmançylyk işgärleriniň taýynlygyna göýberilýän maliýe serişdelerini köpeltmeli we olaryň diňe hünärmenlik taýynlygyna däl-de, eýsem näsag bilen döretjek gatnaşyklaryna hem üns bermeli. Gowy lukman – ynanylýan lukmandyr!
Biz witamin-mineral toparlary hemişe satyn alýarys. Ýöne olary nädip dogry kabul etmelidigini bilýärsiňizmi? Irdenmi ýa-da agşam? Nahar bilenmi ýa-da ajöze? Öý dermanhanajygynda witamin goşundylarynyň birnäçesi durandyr. Ýatdan çykmaz ýaly sizde hemmesini birden kabul etmek islegi hem döreýändir. Ýöne beýle "garym-gatymlyk" siziň saglygyňyzy artdyrmaýar. Witaminleriň we minerallaryň täsirliligini gowşatmaz ýaly ýa-da öz bedeniňizi olaryň ýaramaz täsirlerinden goramak üçin birnäçe ýönekeýje düzgünleri bilmek artyklyk etmeýär.
Nahardan öň kabul edilmeli witaminler we minerallar – B1,B12, demir we witamin С (askorbin turşylygy). Bu serişdeleriň hersiniň bedene tijendiriji häsiýeti bardyr we irden kabul edilen toparlaryň size günüň dowamynda kömek bermäge mümkinçiligi bolar. Witamin С demriň özleşdirilmegine gatnaşýandyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, olary birden kabul etmek peýdaly bolýar: birini iýmitiň düzüminde, beýlekisini gerdejik görnüşinde.
Ýagly iýmit bilen kabul edilmeli witaminler – olar ýagda ereýän witaminler bolup, iýmit ýaglary bilen ýeňil özleşdirilýändir. Olara witamin A, E, D, K, likolin, lýutein degişli edilýär. Ýöne E witaminiň bedende agdyklyk etmeginiň K witaminiň täsirini pesedýändigini ýatda saklamalydyr.
Agşam kabul etmeli minerallar – magniý, kalsiý. Bu minerallar has hem beden dynç alýan wagty ýeňil özleşýärler. Magniniň witaminler bilen kabul edilmegi bolsa ukysyzlyga garşy peýdaly derman bolup biler. Ýöne kalsini demriň goşundylary bilen bile kabul etmekden saklanyň, çünki olar biri-biriniň özleşmegine täsir edip bilerler. Lukmanlar tarapyndan olary arasy 4 sagatdan az bomadyk arakesme bilen kabul etmek maslahat berilýär.
Witaminlerden soň nämeleri kabul etmeli däl? Kofe, çaý, käbir ir-iýmiş şireleri, gazlandyrylan içgiler witamindir minerallaryň özleşmegine ýaramaz täsir edip bilerler. Gerdejikleri diňe arassa suw bilen kabul ediň we 2 sagada çenli içgileri içmekden ýa-da nahar kabul etmekden saklanyň.
Witaminleri kadaly kabul ediň. Adam bedeni hemişe, işlämizde-de, uklap ýatanymyzda hem peýdaly maddalary sarp edýär. Käbir witaminler (meselem, retinol) bagyrda toplanýar, demir bolsa süňk ýiliginde hem, dalakda hem toplanyp bilýändir. Ýöne peýdaly maddalaryň köpüsi, meselem askorbin turşylygy bedenden "ýuwulyp" bilýändir. Witamin ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin biz her gün bu ýitgileriň öwezini dolmaly bolýarys. Witamin-mineral toparlaryny dowamly kabul etmeli bolsaňyz, onuň wagty we mukdary barada lukman bilen maslahatlaşyň.
Anyklanylmadyk jynsy ýokançlyklary bolan aýallar köplenç aýbaşynyň öň ýanynda döreýän alamatlaryň agyr geçmeginden ejir çekýärler. Olar barada Oksford uniwersitetinde geçirlen tejribeler güwä geçýär. Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ençemesiniň alamatsyz geçýändigi mälimdir. Meselem, hlamidiozly adamlaryň 70%-i öz keselleri barada bilmeýärler. Bu ýokançlyk bolsa önelgesizlige getirip bilýändir. Bu ýokançlyklaryň aýalyň önelgelilik ulgamyna howp salýandygy sebäpli alymlar öz geçirýän barlaglaryny wajyp hasaplaýarlar.
Barlaga 865 sany aýal maşgala gatnaşyp, olaryň hemmesinden jynsy arkaly geçýän keselleri geçirip-geçirmezligi barada sorag edildi. Ondan soň keseliň görnüşi, alan bejergileri, aýbaşynyň geçişi, ol döwürde emosional üýtgemeler, ulanylýan gormonal serişdeler barada anyk maglumat ýygnaldy.
Barlagyň netijelerine baglylykda, hlamidioz, uçuk ýa-da adamyň papilloma wirusy ýaly ýokançlyklaryň barlygy, aýbaşynyň öň ýanyndaky alamatlaryň agyr geçýändigi barada habar berme töwekgelçiligini iki esse ýokarlandyrdy. Aýallary aýbaşy başlanmazdan öň iç sanjylamalary, kellagyrlar, keýpiň bolmazlygy biynjalyk edýärdi.
"Biziň barlaglarymyz öz aýbaşy halkaňy ünsli öwrenip, aýallaryň öz saglygyny gowlandyryp biljekdigini görkezýär. Eger siziň aýbaşyňyz agyr geçýän bolsa, onda bu jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň alamaty bolup biler. Ýokançlyk netijesinde dörän sowuklama bedeniň köp güýjüni alýar. Onuň bilen bilelikde aýbaşy hem başlanan wagty, bedeniň biziň emosiýalarymyzy kadalaşdyryjy serotonin gormonyny emele getirmäge mümkinçiligi bolmaýar. Şol sebäpli bu döwürde aýalyň keýpi, emosional durky pes bolýar" diýip, barlaga gatnaşan lukman Aleksandr Alwern belleýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.