1 1 1 1 1

Alabama Uniwersitetiniň alymlar topary öz geçiren barlaglary esasynda, çeýnelen sakgyja siňýän tüýküligi öwrenip, bedende bar bolan täze döremeleriň görnüşlerini anyklap bolýandygyny aýtdylar. Biotehnologiýalar ugrundan iş alyp barýan kompaniýanyň işgärleri tarapyndan öýkeniň, aşgazanasty mäziň we süýt mäzleriniň täze howply döremelerini anyklamaga kömek etjek ýörite düzümli sakgyç döredildi. Bu täzeligiň düýp manysy şeýledir – sakgyç çeýnelende tüýkülikdäki ragyň käbir görnüşlerine mahsus bolan himiki birleşmeler onda saklanyp galýandyr we olary öwrenme bedende bar bolan rak keseliniň görnüşini anyklamaga kömek edip biler. Ondan başga-da, bu usul netijesi köp wagty talap edýän barlaglaryň ýerini tutup biler. Şeýle açyş rak keselini irki döwürde anyklamaga kömek berip, köp adamlaryň janyny halas etmäge mümkinçilik açar.

  • 1473 gezek okalan
1 1 1 1 1

Amerikan alymlaryň topary tarapyndan wagtyndan öň başlanýan dogrumlary anyklamaga kömek etjek adaty bolmadyk gigiýeniki serişdeler döredildi. Şuňa meňzeş serişdeler "AmnioSense" adyny aldy. Wagtyndan öň başlanýan dogrumlaryň esasy alamaty bolan buşluk suwlary bu gigiýeniki serişdelere dökülende, ol öz reňkini üýtgeder. Täze oýlanyp tapylma indikator zolajykly bolup, çaganyň ýansuwlary düşende ol gögümtil-ýaşyl reňke eýe bolýandyr we bu ýagdaýda 2 sagada çenli saklanyp bilýändir. Gigiýeniki serişde jynshanadan döreýän başga bölünip çykmalara düýgür däldir we ony 12 sagadyň dowamynda ulanyp bolýandyr. Bu gigiýeniki serişdeler wagtyndan öň başlanýan dogrumlary özwagtynda anyklamaga we lukmana synagyň netijeleri bilen ýüz tutmaga mümkinçilik berer. Kliniki synaglar "AminoSense" barlagynyň mundan öň ulanylýan, has gymmat synaglardan amatlydygyny subut edýär.

  • 1403 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Öň berlen maglumatlar çeýnelýän sakgyçlarda, diş pastalarynda we iýmit önümleriniň käbirinde (şokolad, kemputlar) titanyň dioksidiniň saklanýandygyny äşgär etdi. Ýöne adam bedenine onuň näderejede zyýanly täsir edýändigi anyklanylmady. Bu soragy aýdyňlaşdyrnak üçin Tuluza Uniwersitetiniň alymlary bilen Lýuksemburg Ylym we Tehnologiýa institutynyň işgärleri tejribe işlerini geçirdiler.

100 gije-gündiziň dowamynda laborator alakalaryň içýän suwuna titanyň dioksidiniň erginini goşdular. Tejribäniň netijeleri esasynda gemrijileriň 40%-iň içegesinde howply täze döremeleriň emele gelýändigi anyklanyldy. Bu ýagdaýyň entek rak däldigini, ýöne bu faktoryň täze döremeleriň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny bellemelidir. Bu himiki elementiň adam organizmine edýän täsirini has hem öwrenmek maksady bilen, alymlar adamlaryň gatnaşmagynda tejribeleri geçirmegi meýilleşdirýärler.

Iýmit önümlerinden başga-da, bu howply birleşme kosmetiki serişdelerde hem saklanýandyr – gün şöhlesinden goraýan kremler, bedeni idetmek üçin niýetlenen losýonlar. Ýöne diňe bir bu birleşmäni saklaýan iýmitler däl-de, eýsem ondan dem almagyň hem howplulygy bellenilýändir.

  • 1365 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (25 Ses)

Halkara zenanlar gününiň bosagasynda Türkmenistanda "Talyp Gözeli" ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryndan talyp gyzlar gatnaşdylar. Baş baýraga Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyby Maýsa Halbaýewa mynasyp bolup, "Talyp Gözeli 2017" adyna eýe boldy.

Bu bäsleşigiň çäklerinde sanlarça talyp ýigitleriň haýyşy boýunça, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary Saglyk saýdy bilen hyzmatdaşlykda "Jenap Erkek" atly bäsleşigi alyp bardy. Talyp ýigitleriň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde ýigitler dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler. Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň talyby Aman Hojakulyýew ýaryşyň ýeňijisi we "Türkmen Erkegi 2017" diýlip yglan edildi.

Dowamy

  • 3434 gezek okalan
1 1 1 1 1

Gan basyşynyň bejergisinde derman serişdeleriň hemişe netijeli bolmaýandygy bellidir. Britaniýaly lukmanlara 55 ýaşly aýalyň beýnisine elektrogyjyndyryjyny (elektrostimulýator) goýup, gan basyşy peseltmek başartdy. Aýalyň gan basyşy juda beýik bolup, 10 ýylyň dowamynda kabul edilen dürli serişdeler netije bermändir.

Bu usul beýnä elektrik çeşmesine baglanan elektrodlary goýmak arkaly amala aşyrylýar. Bu usul öň dowamly agyrylary we Parkinsonyň keselini bejermekde üstünlikli ulanylyp, ýokary gan basyşy bejermekde ol ilkinji gezek ulanyldy. Häzirki wagtda bu usulyň kömegi bilen näsagyň gan basyşyny ep-esli peseltmek başartdy.

  • 1571 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we London Imper kollejiniň hasaplamagyna görä, ýakyn geljekde ömrüň ortaça dowamlylygy 90 ýaşa ýeter. Alymlaryň pikirine görä, 2030-njy ýylda aýallaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 88-90 ýaşy düzer. Bu görkeziji boýunça liderlik Günorta Koreýa berlip, bu döwletde ömrüň dowamlylygy 90 ýaşdan hem geçer. Bu fakty alymlar döwletiň ykdysadyýetiniň ösmegi, lukmançylyk hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy we lukmançylygyň enjamlaşdyrylmagy bilen düşündirýärler. Ondan başga-da, günorta koreýlylaryň arasynda semizligiň görkezijileri pesdir we çilimkeşlik ýörgünli däldir.

Ýaponiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa ýaly ösen ýurtlarda aýallaryň ömrüniň dowamlylygynyň 88 ýaşa deň boljakdygy bellenilýär.

Erkek adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy barada aýdylanda bolsa, 2030-njy ýylda uzak ýaşaýanlara ýene-de günorta koreýlylar, awstriýalylar we şweýsariýalylar degişli ediler.

  • 1673 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Meduza neşirýatynyň habar bermegine görä, lukmanlar erkek adamlar üçin ulanmaga ýaramly boljak we prezerwatiwiň netijeliliginden pes bolmajak göwreliligiň öňüni alyş usullary döretmegiň üstünde işleýärler. Şolaryň arasynda tohum geçirijilere täsir edýän Wasalgel serişdesi erkekler üçin niýetlenen kontrasepsiýanyň geljegi hasaplanýar. Bu gel serişdesiniň işleýiş täsiri şeýle: tohum geçirijilere serişde göýberilýär we janly dokumalara düşende ol gatap, spermatozoid öýjükleriniň hereketiniň öňüni ýapýar.

Serişdäniň täsiri 10 ýyla ýetip, ýörite başga serişdäniň kömegi bilen aýrylandan soň, erkek adamda çaga galdyrmak ukyby ýene dikeldilýändir.
Ýene bir gormonal däl usulyň biri – gerdejikleriň kömegi bilen tohumlygy daşyna çykarýan geçirijilerde dölüň hereketini saklamakdyr. Orgazm almak duýgusy saklanylýandyr. Gerdejikleriň täsirliligi 3-4 sagatdan ýüze çykyp, olar jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň öňüni almaga ukyplydyrlar.

Şeýle hem, spermatozoidleriň üstünde ýerleşýän Eppin belogynyň işjeňligini aýyrmak ugrunda hem işler alnyp barylýar. Ýörite maddalar olaryň üstüne "ýelmeşip", olaryň hereketini kynlaşdyrýarlar. Lukmanlar has ýokary netijeliligi gazanmak üçin, spermatozoidleriň ýetişmegi üçin zerur belogyň emele gelmegini bütinleý togtatmagy teklip edýärler.
 

  • 1786 gezek okalan
1 1 1 1 1

Lukmanlar boýy kiçi erkek adamlarda saçyň ir düşme töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurdylar. Bonn Uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglary boýuň kiçi bolmagy we ir saçyň düşmegi üçin bir geniň jogapkärdigini görkezdi.

Ýaýbaň geçirlen genetiki barlaglara ir saçy düşüp başlan 11 müň erkek adam we entek saçyny ýitirmedik 12 müň erkek adam gatnaşdylar. Boýuň kiçi we saçyň düşmegine "günäkär" genler testosteron gormonynyň işläp çykarylmagyna jogapkär bolup, onuň derejesiniň ýokarlanmagy ýetginjeklik döwründe boýuň ösmeginiň saklanmagyna we kelledäki saçlaryň düşmegine sebäpkär bolýarlar.

Barlaglaryň awtorlary, eger nesil daragtynda hemme erkek adamlaryň boýunyň pes bolup, saçyň düşmeginden kösenmedik bolanlarynda, bu mesele babatda biynjalyk bolmaly däldigini belleýärler. Ýöne saçy düşmäniň ýuze çykma töwekgelçiliginiň ýokary bolan halatlarynda onuň öňüni alma kynçylykly bolup durýandyr.

Alymlaryň bellemegine görä, saçyň düşüp başlamagyndan öň, testosteronyň derejesini peseltmek üçin geçiriljek kastrasiýa (biçme) bu ugurda peýdaly bolup biljek ýeke-täk usuldyr.
 

  • 1507 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Minnesota Uniwersitetiniň barlagçylary donordan alnyp doňdurylan beden agzalarynyň işleýşini bozmazdan janlandyrmagyň usulyny işläp düzdüler. Donor agzalaryň ýetmezçiligi her ýyl müňlerçe adamlaryň ölümine sebäp bolýar. Donor ýürekleriň we öýkenleriň 60%-e golaýy olary uzak saklap bilmek şertleriň ýoklugy sebäpli ulanylyp bilinmeýär. Kriokonserwasiýa ýa-da dokumalaryň doňdurylmagy usuly 1980-nji ýyldan belli bolsa hem, doňdurylan dokumalary täzeden janlandyrma örän çylşyrymly bolup, dokumalar janlanmazdan dargama ýagdaýyna sezewar bolup bilýändir. Nanojanlandyrma diýlip atlandyrylan bu ýagdaý fiziologiki işjeňligini bozmazdan, alymlara haýwanlaryň ýürek gan damarlaryny we gabsalaryny janlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu hadysa demriň oksidiniň nanobölejikleriniň kömegi bilen amala aşyrylyp, olar dokumalary "gyzdyryjylar" höküminde elektromagnit şöhleleriniň kömegi bilen işjeňleşdirildi. Janlandyrma hadysasy çalt we birsydyrgyn, minutda 100-den 2000 С derejesinde geçirilýär.

  • 1428 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (16 Ses)

Seýrek duş gelýän ýa-da orfan keselleri diýlip, uly bolmadyk adam populýasiýasynda duş gelýän keseller hasaplanýar. Ýer Togalagynyň dürli künjeginde bu keseller dürli-dürli bolup bilýändir. Şeýle-de, orfan keselleri lukmançylygyň dürli ugurlarynda duş gelýändir. Şolaryň 80%-iň sebäbi genetiki bozulmalardyr.

Ekspertleriň bellemegine görä, dünýäde howply seýrek duş gelýän keselleriň görnüşleriniň 5-7 müňe golaýy bellidir. Olaryň arasynda has seýrek duş gelýän keseller hem bolýar: kabuki sindromy (Ýewropada 300 näsag), Pallistera-Killiani sindromy (Ýewropada 30 näsag), ýaýbaňlanýan süňk geteroplaziýasy. Niman-Pikiň keseli, Goşeniň keseli. Orfan keselleriň arasynda has ýygy düş gelýän görnüşleri hem bardyr: mukowissidoz, gemofiliýa, rak keseliniň dürli görnüşleri, miýeloma, Alsgeýmeriň keseli, Gentingtonyň keseli we başgalar.

Dowamy

  • 3766 gezek okalan