Ýapon alymlarynyň bellemegine görä, gyssanman iýme diňe bedeniň syraty üçin däl-de, eýsem saglyk üçin hem peýdalydyr.
Gyssanyp çalt nahar iýýän adamlarda süýji keseliniň döreme töwekgelçiligi iki esse ýokarlanýandyr. Nahar iýlenden soň gandaky glýukozanyň çalt ýokarlanmagy onuň esasy sebäbi bolup durýandyr.
Hünärmenleriň bellemegine görä, dünýäde süýji keselli adamlar, hasaba alnanlardan hem köpdür. Köp adamlarda glýukozany özleşdirme hadysasynyň bozulmagy netijesinde onuň ganda ýokary derejesi kesgitlenýän bolsa hem, ol süýji keselini döretmek üçin ýeterlik dereje däldir. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen diabetiň II görnüşine sezewar edip biler.
Amerikan alymlarynyň kesgitlemegine görä, lukmançylyk ylymynyň döwrebap ösüşlerine garamazdan, adamyň uzak ýaşamagynyň ýokary çägi 125 ýyla barabardyr. Bu mümkin bolan çägi anyklamak üçin, alymlar uzak wagtyň dowamynda dünýäniň hemme döwletlerinden bolan adamlaryň (jynsy häsiýetnamalar nazara alynmady) ölümçiliginiň görkezijilerini öwrendiler.
Netijede, geçen asyryň 80-nji ýyllarynda döwletleriň 90%-iň ilatynyň ömrüniň dowamlylygynyň ýokary çägä ýetendigi, şol ýyllardan soň bu görkezijiniň gysgalyp, 1995-nji ýyldan soň adamynyň ömrüniň dowamlylygynyň has hem gysgalandygy kesgitlendi. Gerontologlaryň pikirlerine görä, dünýä ýurtlarynda adamynyň ömrüniň dowamlylygy çaga ölümçiliginiň peselmegi (bu görkeziji öň ýokarydy) we saglygy goraýyş ulgamynda girizilýän täze anyklaýyş we bejeriş usullarynyň täsiri netijesinde uzaldy.
Ölümçilik baradaky maglumatlar öwrenilip, döwletleriň köpüsinde uzak ýaşamagyň çäginiň ýüz ýyla deňdigi kesgitlendi. Şeýle-de, on müň adamdan bir adamynyň 125 ýyla çenli ýaşap biljekdigi ähtimaldyr. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglar häzir hem dowam edýändir. Alymlaryň pikirine görä, bedeniň garrama hadysasyny genlere täsir etme arkaly haýalladyp bolar.
AIW-y ýüze çykarýan synaglaryň ýetmezçiligi, BSGG-nyň keseliň öňüni almak we bejermek ugrunda alyp barýan işlerini gowşadyp biler.
Dünýä döwletlerinde 2012-2014-nji ýyllar aralygynda AIW synaglarynyň geçirilşine ekspertler seljerme berip, geçirilýän synaglaryň ýeterlik däldigini bellediler. AIW we AIDS-yň ýaýraýyş tizligini nazara alanyňda, döwletleriň keseli anyklap, degerli çäreleri geçirip ýetişmeýändigini belli bolýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 2020-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 90%-i AIW-e barlagy geçmäge borçly bolarlar.
Anyklaýyş çäreleriniň pesliginiň esasy sebäpleri höküminde degişli himiki reagentlaryň we enjamlaryň ýetmezçiligi bellenilýär.
Bu kesel esasan hem kiçi ýaşly çagalar üçin howply bolup, onuň esasy alamatlaryna gyzdyrma, deri örgünleri, içgeçme, bogunlarda agyrylar, ösüşiň yza galmagy degişli edilýändir. Otulipeniýa keseliniň sebäbi – otulin geniniň v hromosomadaky emele geliş bozulmalarydyr. Adatça bu gen gan damarlaryny we gan öýjüklerini ýokançlyklara garşy göreşe taplandyrýandyr. Gen bozulmasynda bu fiziologiki hadysa bolup geçmeýär. Otulipeniýa keseli immun ulgamyň bedeniň öz dokumalaryny dargatmagy netijesinde döreýän, ölümçilige getirip bilýän gaýnaglama keselidir.
Täze keseli açmaga adamynyň genomyny öwreniji Milli institutyň, allergiýa we ýokanç keselleri Milli institutynyň, ýüregiň, öýkeniň we ganyň kesellerini öwreniji Milli institutyň, direg-hereketlendiriş we deri keselleri Milli institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Soňky birnäçe onýyllyklarda adamlar emeli akyly birinji hatara çykaryp ugradylar. Şeýle ýagdaý lukmançylyk hünäriniň ýok bolup, onuň ýerine adamlary bejermäge robotlaryň ulanylmagynyň esaslydygyny aňladyp bilermi?
Lukmanlaryň gürrüňdeş bolýan Gurofy sosial ulgamy bu sorag babatda barlaglary geçirdi. Soralmalaryň netijesi, ýakyn onýyllykda beýle orun çalşyklaryň bolup bilmejekdigini görkezdi. Soralanlaryň 60%-i – bu bolsa 3,5 müň lukmanlar, emeli akylyň bolmagynyň janly lukmanyň ýerini tutup bilmejekdigini aýtdylar. Diňe soralanlaryň 40%-i lukmanlaryň robotlar bilen çalşylyp bilinjekdigine ynamlylyk bildirýärler. Alymlar lukmançylyga ornaşdyrylan tehnologiýalaryň lukmanyň işiniň ýerine tutulmagyna gönükdirilmän, oňa bilimini we başarnygyny ösdürmäge kömek edip biljekdigini belleýärler. Dogry, robotlaryň kömegi bilen keseli anyklap bolar, ýöne dürli ýagdaýlary we faktorlary seljerip, aýgytlaýjy hem-de dogry netijäni lukman kesgitlemelidir. Şeýle hem alymlar, robotlaryň döredilmeginiň käbir lukmançylyk iş orunlarynyň ýeriniň tutulyp, zähmet bazarynda kynçylyklaryň döremegine getirip biljekdigini, ýöne onuň lukmançylyk käriniň ýitip gitmegine täsir etmejekdigini belleýärler.
Häzirki wagtda lukmanlara kömege gelýän robotlaryň döredilmegi dowam edilýändir. Enjamlardan başga-da, adamyny ýagyňa salýan robot-gumanoidler döredilip, olar näsaglary idetmekde ulanylyp bilner. Robotlary döretmekde uly üstünlikler Ýaponiýa we başga Aziýa döwletlerine degişlidir.
Göwrelilik döwründe bu agyrsyzlandyryjy serişdäniň kabul edilmegi, geljekde nerw ulgamy ýokary duýujylykly, nerwozly çagalaryň dünýä inmegine getirip biler. Bristol Uniwersitetiniň alymlary göwrelilik döwründe asetaminofen serişdesiniň kabul edilmeginiň çagalarda aşa hereketjeňligi döredip biljekdigini anykladylar. Bu serişde göwrelilik döwri ulanylmaga gadagan edilmese hem, onuň kabul edilmegini çäklendirme wajypdyr. Parasetamol ady bilen belli asetaminofen dermanynyň täsiri esasan çagalaryň 15 aýlyk ýaşynda ýüze çykýar. Dogrumdan soň bu serişdäniň ulanylmagy howpsuz bolup, çaga emdirýän aýallara hem bu dermanyň maslahat berilýän mukdaryny ulanma rugsat berilýär.
Hormatly mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar!
Bir akyldar diýmişleýin: “Juwanlykda okama – daşa ýazma, garrylykda okama – gumda surat çekme ýalydyr”. Bilimler dünýäsine aralaşyp, ony öwrenme, onuň gymmatly miwelerini durmuşa, jemgyýetiň ösüşi üçin peýdaly edip ulanma siz, ýaşlaryň amala aşyrmaly borjuňyzdyr.
Bilimler Güni bilen gutlap, Size saglyk, rowaçlyk, takat, jepakeşligi we uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Baýramyňyz gutly bolsun!
Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.
Alymlar özara düşünişme bilen ýaşaýan agzybir, bagtly maşgalalarda maşgala jübütleriniň artykmaç beden agramly bolýandygyny belleýärler. Alymlar 4 ýylyň dowamynda 170 sany maşgala jübütleriniň durmuşyna syn edip şeýle netijä geldiler. Näme üçin?
Bagtly, asudalyk höküm surýän maşgalada adamsyny söýýän aýal dürli tagamlary bişirip ärine hödür edýär, onuň göwnünden turmak isleýär. Ondan başga-da, asuda, dartgynsyz, agzybir durmuş ýakymly duýgulary döredip, nerw ulgamynyň stressiz ýagdaýyny üpjün edýär. Onsoň nädip şeýle ýagdaýda semremejek?
Tersine, aýrylyşma alyp barýan dawa-jenjelli maşgala durmuşy nerw ulgamy ýadadýar. Jübütleriň biri-birine üns berip, idetmegi barada gürrüň hem ýok.
Başga barlaglar bolsa, bagtly maşgala jübütleriniň dawaly aýrylyşmany başdan geçiren jübütlere garanyňda uzak ýaşaýandygyny äşgär etdi.
Dogrudan hem gazlandyrylan süýjüli içgiler şeýle zyýanlymyka ýa-da bu maglumatlar toslamamyka? Gynansak hem, getirilýän deliller toslama däldir. Meselem, Kolanyň düzümindäki fosfor turşylygy dişiň daşky gatlagyndan kalsiý mineralynyň ýuwulmagyna getirýändir. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen dişleriň dargamagyna getirip biler.
Başga bir kynçylyk – bu içgileri halaýan adamlar semizligiň döremegine ýykgyn bolýarlar. Sebäbi içgiler ýokumly bolup, gandyň köp mukdaryny saklaýandyr. Süýjüli gazlandyrylan içgileri içip, az hereket etmeklik bolsa semizligiň döreme ähtimallygyny has hem ýokarlandyrýandyr.
Elbetde, şeker saklamaýn içgiler hem bardyr. Ýöne biziň hemmämiz olarda şekeriň ýerini tutujy maddalaryň bardygyny bilýäris. Meselem aspartamy olara degişli edip bolýandyr. Soňky yllaryň barlaglary emeli tagam beriji maddalaryň süýji keseline we işdäniň ýokarlanmagy netijesinde semizlige getirp bilýändigini subut etdi. Ondan başga-da, aspartamy rak keselini döretmäge ukyply goşundy hasaplaýarlar. Şol sebäpli hem, Pepsi içgisini öndürijiler bu süýji tagam beriji goşundynyň ýerine kaliniň asesulfamy bilen goşulan sukralozany ulanýarlar.
Şeýle-de, barlaglar gazlandyrylan süýjüli içgileriň köp kabul edilmeginiň beden süňkleriniň gowşamagyna we aýal maşgalalarda jyns gormonlarynyň emele gelmeginiň bozulmalaryna getirip biljekdigini subut etdi.