1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

Täze barlaglaryň netijesinde awstraliýaly alymlar, döwürdeş maşgala jübütleriniň jynsy gatnaşyklary seýrek geçirýändigini anykladylar. Bu ýagdaý durmuşyň çalt depginleri we maşgala gurlandan soň, işden başga wezipeleriň hem döreýändigi bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, jynsy gatnaşyklara asla wagt hem galmaýar. Barlaglara öýlenen awstraliýalylar gatnaşdylar. Sorag etmeleriň görkezişi ýaly, olar bir hepdede ortaça 1,4 gezek jynsy gatnaşyk geçiripdirler. On ýyl mundan ozal bu görkeziji bir hepdede 1,8-e deňdi. Başga barlaglaryň görkezişi ýaly, 1990-njy ýylda britanlylar bir aýda ortaça 5 gezek jynsy gatnaşyklary geçiren bolsalar, 2010-njy ýylda by ýygylyk bir aýda 3 gezege çenly peselipdir.

Şeýle hem alymlaryň köpüsi Internediň jynsy gatnaşyklara täzelik girizmekde ornunyň ulydygyny belleseler, köpüsi täze tehnologiýalaryň pynhan gatnaşyklara zyýan ýetirýändigini subut edýärler. Adamyň işi bilen şahsy durmuşynyň arasyndaky araçäk ýitýär: köpler iş hatlara we jaňlara öýde jogap berýärler. Bu bolsa jynsy islegi peseldip, pynhan gatnaşyklarda ünsüňi jemlemäge päsgelçilik döredýär.

  • 2046 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Intimina kompaniýasynyň geçiren sorag etmeleri şeýle netijeleri görkezdi.

Aýbaşy käseleri ýa-da kapalar – ýumurtga şekilli gaplar bolup, aýbaşy wagty aýbaşy bölünip çykmalary ýygnamak üçin niýetlenendir. Ulanyş möhleti 12 sagada barabar bolup, ondan soň ony jynshanadan çykaryp, içindäki suwuklygy döküp, ýuwup, ýene ulanmak maslahat berilýär.

Alnan birinji netijelere görä, aýbaşy käseleri jynshananyň nemli gatlagyny guramakdan we jynshana myşsalarynyň çeýeligini saklamaga kömek edýärler. Sorag edilen aýallaryň 26%-i olary ulanandan soň jynshananyň nemli gatlagynyň gurulygynyň aýrylandygyny belleseler, 46%-i gije rahat ýatandyklaryny aýtdylar. Soralanlaryň umumy sanynyň 84%-i bolsa, aýbaşy günleri özlerini has arkaýyn we ynamly duýandyklaryny bellediler.

  • 4839 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Gollandiýaly barlagçylar göwrelilerde galkan şekilli mäziň işiniň peselmeginiň (gipotireoz) autizmli çaganyň dogulma ähtimallygyny birnäçe gezek ýokarlandyrýandygyny belleýärler.

Barlaglara öz çagalary bilen 4 müň aýal gatnaşdylar. Alnan netijeler düwünçegiň beýnisiniň emele gelmeginde ýoduň we mäziň gormonlarynyň ýetmezçiliginiň täsiriniň uludygyny görkezdi. Aýalyň göwrelilik döwri gipotireoz bilen kesellemegi, çaganyň autizm bilen dogulma ähtimallygyny ortaça 4 esse ýokarlandyrýar.

Alnan netijeler autizmiň döremeginde daşky gurşawyň faktorlarynyň uly orun eýeleýändigini äşgär edip, autizmiň öňüni almakda netijeli çäreleri tapmaga kömek eder.

  • 1729 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Köpsanly barlaglar Internetdäki sosial gatnaşyklaryň uly adamlaryň saglgyna ýetirýän täsiriniň köpdürliligini belleseler hem, çagalar babatda ýagdaý başgarak çemeleşmegi talap edýär. Missuri ştatynyň uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, sosial ulgamlarda gatnaşyklaryň we gepleşikleriň açylmagy çagalar üçin stress ýagdaýyny döredip, gatnaşma sagatlaryň dowamlylygynyň uzalmagy uzakmöhletleýin fiziologiki we ruhy bozulmalara getirip bilýändir. Tüýkülikdäki alfa-amilazanyň emele gelşi ýaly, kortizol gormony hem stresse bedeniň jogaby höküminde bölünip çykarylýandyr. Kortizol gormonynyň derejesi bedeniň stress görkezijisi bolup durýandyr. Sosial ulgamlarda wagtyňy geçirme näçe uzak boldugy saýyn, bedendede kortizol gormonynyň emele gelmegi şonça ýokarlanýandyr.

  • 1783 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Günorta Awstraliýanyň uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, häzirki nesliň çagalary, öz ene-atalary bilen deňeşdirlende çalt ylgamaga ukyply däldirler. Barlagçylar 50 ýylyň dowamynda, dünýäniň 28 sany ýurdundan bolan 25 mln. çaganyň fiziki görkezijilerini deňeşdirip, bu sanlaryň ýyldan ýyla peselýändigini bellediler. Meselem, 30 ýyl mundan ozalky deň-duşlary bilen deňeşdirlende, häzirki nesliň çagalaryna 1,6 km. uzynlykdaky aralygy ylgap geçmek üçin 1,5 min. köp wagt gerek bolýandyr. Synagdan geçenleriň arasynda diňe ýapon çagalaryna ýokary fiziki işjeňligi görkezme başartdy. Bilermenleriň bellemegine görä, şeýle ýagdaýy semizlikden we az hereketlilikden ejir çekýäm çagalaryň sanynyň köpelmegi bilen düşündirip bolar. Soňky onýyllykda dünýäniň ençeme ýurtlarynda çalt garbanyş medeniýeti çagalaryň arasynda has meşhurlyk gazanyp, bedenterbiýa az üns berildi.

  • 1909 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlaryň Halkara topary rak keseline garşy ulanylýan dermanlary üýtgän öýjüklere ýetirmegiň howpsuz usulyny işläp düzdüler. Barlaglar Singapurdaky Nanýan tehnologiki uniwersitetinde geçirildi. Barlagyň awtorlary derman bölejikleriň howply çişlere nanosekundlaryň dowamynda ýetirilýändigini belleýärler. Dermanlary çişlere çalt ýetirmegiň şeýle usulyny dermanlaryň adaty bolmadyk görnüşi üpjün edýär – olar derman serişdeden we demriň oksidinden düzülen gaz düwmejikleridir. Ýörite magnitler bejeriji düwmejikleri çişiň daşynda "ýygnamaga" kömek etse, ultrases tijendirijisi dermany çişiň hemme gatlaklaryna ýaýramasyny üpjün edip, ýokary bejeriş netijesini bermäge ýardam edýändir.

Gemrijilerde geçirilen synaglar üstünlikli geçdi we alymlar bu usulyň geljekde hirurgiki bejerginiň ýerini tutup biljekdigine ynam bildirýärler.
 

  • 1661 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Gije-gündiz (sirkad) sazlaşygynyň bozulmagynyň aýallara edýän ýaramaz täsiri barada Surreý uniwersitetiniň barlagçylary belläp geçdiler. Diňe bir ukynyň ýaramaz hili bu sazlaşygyň bozulmalaryna öz täsirini ýetirmän, eýsem gije işleme ýagdaýy hem ýetirýändir. Gijeki sagatlar işleýän aýallar aýda birnäçe gezek keýpiniň we özüni alyp barşynyň üýtgemegine sezewar bolýarlar. Ondan başga-da, gijeki ukynyň kadaly alynmazlygy ünse, mehanizmleri dolandyrma endigine täsir edýär, ýatda saklama mümkinçiligini peseldýär.

Gijeki işjeňlik erkek adamlara ol diýen ýaramaz täsir etmeýär, çünki bu endik olar üçin gadymýetden öwrenilen häsiýet bolup durýandyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, ukynyň ýetmezçiliginden döräp biljek ýaramaz ýagdaýlar esasan lukman, şepagat uýalary, garawullar we polisiýa işgärleri bolup işleýän aýallarda duş gelip biler.

  • 1875 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Milli Saglyk institutynyň ekspertleri göwreliligi meýilleşdirmeden bir aý öň, günde 2 çaşka kofe içgisiniň kabul edilmeginiň düwünçegiň düşme howpuny ýokarlandyrýandygyny duýdurdylar. Bu duýduryş geljekki enelere bolşy ýaly, atalara hem degişlidir. Hünärmenler kofe içmegi diňe bir göwreliligi meýilleşdirmezden bir aý öň çäklendirmän, göwreliligiň 7-8 hepdesine çenli azaltmagy maslahat berýärler. Kofe içgisiniň aýalyň we erkek adamynyň bedenine ýetirýän täsirini öwrenip, alymlar bir netijä geldiler – köp mukdarda kofe içýän maşgalalarda düwünçegiň düşme howpynyň döreme ýygylygy 28% ýokarydyr. Esasan hem 35 ýaşdan uly aýallarda bu görkeziji iki esse ýokary. Göwreliligiň düşme howpuny azaltmak üçin, alymlar kofe içgisini başga içgilere çalyşmagy we poliwitaminleri kabul etmegi maslahat berýärler.

  • 1928 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Ene süýdüniň banky Lwow şäher keselhanasynyň neonatologiýa bölüminiň çäginde işläp başlar. Häzirki wagtda Ýewropa bileleşigine girýän döwletlerde 200-e golaý ene süýdini ýygnap saklaýjy banklar bardyr. Günorta Amerikada şunuň ýaly bölümleriň sany 25-e ýetýändir. Donor ene süýdi banka iki ýagdaýlarda berlip bilinýär: wagtyndan öň bolan dogrumlardan soň we adaty dogrumdan soň enede artyk ene süýdi bolanda. Şunuň ýaly banklaryň kömegi bilen dürli sebäplere görä ene süýdi bilen iýmitlenmeýän körpeler, wagtyndan öň bolan çagalar, taşlanan çagalar ene süýdi bilen üpjün edilip bilner. Ene süýdi donor bolmak isleýän hemme aýallardan kabul edilýär. Ýöne aýallar tabşyrmadan öň hökmany barlaglardan geçmelidir. Ene süýdiniň bankynyň işini Ýewropa bileleşiginiň ülňülerine deň getirmek maksat edinilýär.

  • 1897 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Ýaňy-ýakynda alymlar tarapyndan anyklanylan JQI molekulasynyň kömegi bilen erkekler üçin içilýän, gormon bolmadyk serişdäni döredip boljakdygy barada bostonly barlagçylar habar berdiler. Alymlar molekulanyň täsirini gemrijilerde öwrenip, olarda soňundan dikeldilip bolunjak önelgesizligiň (dölüň mukdary azalyp, erkeklik öýjükleriniň hereketleri peselýär) döreýändigini anykladylar. Ýöne seksual häsiýetliligiň saklanýandygy bellenildi.

Alymlar ýumurtgajyklarda döli öndürýän öýjüklere serişdäniň barmagyny kynlaşdyrýan bökdençligiň bardygy sebäpli, erkek kontraseptiwini döretmegiň kynçylyklydygyny belleýärler. JQI molekulasy ýumurtgajyklaryň BRDT belogynyň emele gelmegini togtadýar. Bu belok önelgeliligi saklamaga kömek edip, onuň emele gelmeginiň togtadylmagy göwreliligiň öňüni alýandyr we testosteron gormonynyň derejesine täsirini ýetirýän däldir.

  • 1904 gezek okalan