1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rus lukmanlarynyň Ebola gyzdyrmasyna garşy waksina döredendigi barada Russiýanyň sarp edijilik gözegçiliginiň gullugynyň başlygy Anna Popowa habar berdi. A. Popowanyň aýtmagyna görä, hünärmenler döredilen waksinany hasaba goýmak üçin resmi kagyzlary taýynlaýarlar we gysga wagtda Ebola gyzdyrmasy ýokuşma töwekgelçiligi ýokary adamlara sanjym etmek mümkinçiligi dörär. Häzirki wagtda waksina synaglaryň soňky tapgyryny geçýär. Ondan soň serişde howply kesele garşy waksina ýetmezçiligi bolan ýurtlara iberiler.

  • 1767 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ABŞ-ky leselleriň öňüni alma we gözegçilik etme Merkeziniň ekspertleri geçen üç möwsümden tapawutlylykda, bu ýyl dümew (gripp) keseliniň ýaýrawly geçmejekdigini habar berýärler. Syn edilmesine görä, keselçiligiň ösüş derejesi Täze ýyl baýramçylygyna gabat gelýär. Bu döwürde garyndaşlaryň bilen duşuşma, baýramçylyk jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak dümew wirusynyň ýaýramagyna itergi berýär. Matematiki hasaplamalaryň kömegi bilen alymlar keselçiligiň ösüşiniň 2016-njy ýylyň fewral aýyna gabat geljekdigini kesgitlediler. Lukmanlar dümew keseliň ýeňil, gaýraüzülmesiz geçjekdigini belläp geçýärler. Olaryň düşündiriş bermegine görä, umumy ýagdaýyň erbetleşmegine we gyzgynyň galmagyna dümewiň wirusynyň birnäçe görnüşi getirýär. Bu ýyl kesel dörediji wirusyň bir görnüşiniň "gatnaşmagynyň" garaşylýandygy sebäpli, kesel hem ýeňil görnüşde geçer. Lukmanlar dümewe garşy öňümi alyş sanjymlary almadyklara, sanjymlary tizden-tiz almagy maslahat berýärler.

  • 2015 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Oregona Uniwersitetiniň alymlary biologiki işjeň aýnalary diş petikleri (plomba) üçin ulanyp boljakdygy barada aýdýarlar. Minerallaryň goşulmagy bilen ýasalan şeýle serişdeli diş petikleri dişleriň dargamagynyň öňüni alyp, diş dokumasyny ýetmeýän minerallar bilen üpjün edip bilerler. Şeýle hem, bu häsiýet karies keseliniň öňüni almaga hem kömek edip biler. Çünki bioligiki işjeň serişdeden ýasalan petikde agyz boşlugynda ýaşaýan bakteriýalar köpelip bilmeýärler. Şeýle petik kalsiniň, kaliniň we fosforyň oksidinden ybarat bolup, daşyndan kiçijik aýna bölejigine meňzeýändir. Bedeniň dokumalary bilen özara täsirliligi bolany üçin bu serişde "biologiki işjeň" diýip atlandyrylýar.

  • 1945 gezek okalan

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

SAÝTYMYZYŇ HORMATLY OKYJYLARY!

Biz Täze ýylyň bosagasynda durus. Geçeninden sapak alyp, geljegine uly ynam bilen seretme adamzada mahsus häsiýetleriň biri bolup durýar.

Täze, 2016-nji ýyl bilen gutlap, Size berk jan saglygyny, rowaçlygy, üstünlik, hemme meýilleriňiziň we isleg-arzuwlaryňyzyň amala aşmagyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.

Goý, Täze ýyl heriňiziň maşgala ojagyna bagtyýarlyk getirsin!

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 3364 gezek okalan

DÜRLI HALKLARYŇ TÄZE ÝYL DÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.81 (16 Ses)

Her ýurtda bu baýramçylyk özboluşly bellenilip geçilýär. Täze Ýyly belleme däpleriniň dürliligine garamazdan, olaryň esasynda geljege bolan ynamlylyk, täzeliklere we arzuwlara bolan ymtylyş, biri-biriňe hormat goýma duýgulary ýatandyr.

Argentina

Köne däbe görä, geçýän köne ýylyň soňky güni edaralaryň gullukçylary penjireden köne kalendarlary, gerek bolmajak iş kagyzlaryny zyňýarlar. Buenos-Aýresde eýýäm ikindinara pyýada geçelgeleri we maşyn ýollary kagyzlaryň galyň gatyna örtülen bolýar. Hiç kim bu däbiň haçan we nähili dörändigini bilenok. Ýöne täsin ýagdaýlaryň hem ýüze çykýan halatlary az bolanok. Bir gezek kelleleri gyzan bir gazetiň redaksiýasynyň işgärleri bütin arhiwi daşyna zyňaýypdyrlar.

Dowamy

  • 3971 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

J. Waşington adyndaky Saglyk görkezijilerini öwreniji institutyň işgärleri tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan aýallaryň we erkekleriň ölümçiliginiň esasy sebäpleri bellenip geçildi. Bu sanaw tertibi dünýäniň 108 döwletinden alnan köp maglumatlaryň öwrenilmegi netijesinde düzüldi.

Barlaglar netijesinde köp ýurtlarda ençeme ýyllaryň dowamynda ölümçiligiň esasy sebäbiniň gan basyşynyň ýokarlanma keselidigi anyklanyldy. Ondan başga-da, ekspertler tarapyndan erkekleriň we aýallaryň "jellady" höküininde çilimkeşlik hem anyklanylyp geçildi.

Dünýäde iki jynsyň hem ölümçiliginiň esasy sebäpleriniň sanawy aşakdakylardan ybarat:

1. Ýokary gan basyşy;

2. Çilimkeşlik;

3. Semizlik;

4. Ganda glýukozanyň ýokarlanmagy. Duzuň köp kabul edilmegi;

5. Ir-iýmişleriň iýmitde ýetmezçiligi;

6.  Howanyň hapalanmagy;

7.  Ýaşalýan öýleriň we önümçiligiň howasynyň hapalanmagy;

8. Holesteriniň ýokary görkezijileri;

9. Alkogol içgileriň kabul edilmegi;

10. Neşe serişdeleri.

  • 2112 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Londondaky Evelina Children's Hospital keselhanasynyň lukmanlarynyň bellemegine görä, smartfonlar, planşetler we elektron kitaplary adamlaryň adaty uklama tertibini bozýarlar.

Barlagçylar täze öndürilýän smartfonlaryň has güýçli ýagty berip, çykýan ýagtylygyň has gök öwüşgin berýändigini belleýärler. Garaňkyda adamyň bedeni uklamaga kömek edýän melatonin gormonyny işläp çykarýar. Ýöne ýagtylyk tolkunlarynyň käbir bölekleri, esasan hem gök we ýaşyl bölegi kadaly we kynçylyksyz uklamany bozýarlar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, täze tehnologiýaly enjamlar ýagtylygyň gök bölegini has güýçli bölüp çykaryp, adamynyň uklamasynda kynçylyklary döredýärler we uklama tertibiniň üýtgemegine sebäp bolup bilýärler.

Lukmanlar şeýle enjamlary gijeki sagatlar däl-de, gündiz ulanmagy maslahat berýärler. Şeýle-de, öndürijileriň enjamlaryň ýüzünden çykýan gök şöhlelenmäni kadalaşdyrmak üçin F. lux. meýilnamasyndan peýdalanmaklarynyň zerurdygyny nygtaýarlar. Bu meýilnama kompýuteriň displeýiniň ýüzüniň ýagtylanyş häsiýetini günüň wagtyna görä üýtgetmäge kömek edýär.

  • 2154 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Bu barada Tehas Uniwersitetiniň alymlary habar berýärler.

Beýik Britaniýada her ýyl böwrekleriň howply çiş keselleriniň 10 müň ýagdaýy anyklanyp, näsaglaryň 4 müňe golaýy ölýärler. Böwregiň rak keselleriniň içinde iň ýygy duş gelýäni- böwrek-öýjükli karsinomadyr. Grilde ýa-da otda gowurlan etde PhIP we MeIQx görnüşli kanserogenler emele gelip, olaryň böwrekde toplanmagy howply täze döremeleriň sebäbi bolýar. Seljermeleriň görkezişi ýaly, PhIP kanserogeniň derejesiniň ýokarlanmagy böwregiň täze döremeleriniň ýüze çykma töwekgelçiligini 54% ýokarlandyrsa, MeIQx maddanyň toplanmagy hem bu töwekgelçiligi iki esse köpeldýär.

Alymlar şeýle-de etiň şeýle taýynlanyş usullarynyň has hem belli bir genetiki özgermeli adamlar üçin howplydygyny belläp, gowurlan etli naharlary az kabul etmegi, iýlende hem gök önümler we ir-iýmişler bilen bile iýmekligi maslahat berýärler.

  • 5532 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

22 ýaşly aýala oturdylmaly donor ýatgy öz ejesinden alyndy. Şeýle görnüşli operasiýa Hytaýda birinji gezek geçirilip, ol 14 sagat dowam etdi. Operasiýa Sian şäher keselhanasynyň akuşerçilik we ginekologiýa bölüminde 38 sany hünärmeniň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle häsiýetli operasiýany geçirmezden öň, alymlar kliniki tejribeleri geçilerde geçirdiler. Çünki geçiniň ýatgysynyň anatomiki gurluşy hem adamynyň ýatgysynyň gurluşyna meşzeş bolup durýandyr.

Synag taslamasynyň lukmany Çe Bilangyň aýtmagyna görä, operasiýadan soňky dikeldiş döwri geçenden soň, aýala onuň we adamsynyň tohum öýjüklerinden ösdürilen çaga düwünçegini ýatga oturtma meýilleşdirilýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, 22 ýaşly hytaý aýaly ýatgysyz dogulsa hem, ýumurtgalyklary kadaly işläp, aýal öýjükleri emele getirýärdi. Aýalyň 43 ýaşly ejesi öz ýatgysyny gyzyna çaga dogurmaga mümkinçilik bermek maksady bilen oturtmaga berdi.

  • 1992 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Iýmitlenme boýunça britan hünärmenleri şeýle netijä geldiler. Ekspertleriň aýtmagyna görä, soňky onýyllykda göwrelilere foliý turşysy bellense-de, doga kemislikli dogýan çagalaryň sany azalmaýar. Beýik Britaniýanyň Iýmit standartlary boýunça agentligi foliý turşylygyny çörege we çörek önümlerine goşmagy maslahat berýärler.

Ekspertler çaga we onuň maşgalasy üçin howply bolup durýan, emele gelýän düwünçegiň nerw turbajygynyň doga kemisliklerini doga kemislikleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi hasaplaýarlar. Şeýle bozulmalar esasynda göwreliligi aýyrma çäresini geçirme netijeli we dogry usul hasaplanyp bilinmeýär.

Akuşerçilik we ginekologiýa kollejiniň professory Alan Kämeronyň aýtmagyna görä, iýmit önümleriniň foliý turşylygy bilen baýlaşdyrylmagy, maddy taýdan kynçylyk çekýän we göwreliligi öňünden meýilleşdirmedik aýallara sag çagalary dünýä indirmäge kömek eder.

  • 2017 gezek okalan