1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

1-nji DEKABR – AIDS KESELINE GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR.

UNAIDS 1-nji dekabrda bellenilýän AIDS keseline garşy göreşmegiň Bütindünýä gününe gabatlap täze hasabaty ýaýratdy. UNAIDS AIDS keseline (rus. SPID) we Adamyň immoýetmezçiliginiň wirusyny (AIW, ing. HIV) göterijilik ýagdaýyna garşy göreş alyp barýan halkara guramasy bolup, dünýädaki ýagdaýlar barada ýyllyk hasabatyny çäp edýär. Täze hasabatda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde 2014-nji ýylda AIW wirusy ýokuşanlaryň sany 1.5 million adama ýetipdir diýp bellenilýär. 2013-nji ýylda bu sebitde AIW-pozitiw (wirusy göterijiler) adamlaryň sany 1.1 milliona barabardy.

2014-nji ýylda sebitde täze AIW ýokançlygyna uçranlaryň sany 140 000 adama ýetdi. 2000-2014 ýyllar aralygynda AIW-pozitiw bolan adamlaryň sany 30% artypdyr.

Dowamy

  • 3908 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (23 Ses)

2015-nji ýylyň 16-njy-22-nji noýabr aralygy – antibiotikleri dogry ulanmagyň Bütindünýä hepdeligi bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda antibiotik serişdeleriniň tertipsiz we görkezmesiz ulanylmagynyň adam bedeniiň peýdaly ýokançlyklaryna hem ýaramaz täsir edip, immun we endokrin ulgamyna dargadyjy täsirini ýetirýändigi we olara bolan durnuklylygyň döreýändigi barada lukmançylyga degişli köp edebiýatlar ýazýarlar.

Antibiotikleri dogry ulanmagyň Bütindünýä hepdeliginiň bellenilmegi antibiotiklere bolan durnuklylygyň ýokarlanma meselesine we bu ýagdaýyň öňüni almak üçin jemgyýetçiligiň, saglygy goraýyş işgärleriniň, syýasatçylaryň arasynda olaryň ýerlikli we dogry ulanylmagyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Antibiotiklere we başga ýokançlyklara garşy serişdelere durnuklylygyň ýokarlanma meselesine jogap edip, şu ýylyň maý aýynda Saglygy goramagyň 68-nji Bütindünýä assambleýasynda dünýä boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.

Dowamy

  • 6199 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Notr-Dam Uniwersitetinde geçirilen täze barlaglar, göwreliligiň soňunda stress ýagdaýyny başdan geçiren aýallarda tagaşyksyz hereketli çagalaryň dogulýandygyny äşgär etdi. Ownuk hereketleri dogry we takyk ýerine ýetirip bilme häsiýetine aýrylyşma, göwrelilik döwri başga ýere göçme, işiň ýitirilmegi, garyndaşyň aradan çykmagy, maddy we maşgala kynçylyklary täsir edip biler.

Barlagçylar geljekki eneler bilen göwreliligiň 18-nji, soňra 34-nji hepdesinde gürrüňdeşlik geçirdiler. Göwreliligiň soňky üç aýynda stresiň ýüze çykmagy üçin ilkinji sebäp bolup pul serişdeleriniň ýetmezçiligi öňe çykdy. Şeýle sebäbi göwreliligiň 34-nji hepdesinde aýallaryň 30%-i belledi. Ondan başga-da, göwreliligiň gaýraüzülmeleri, başga ýere göçmek we maşgala kynçylyklary ýaly sebäpler aýdylyp geçildi.

2900 sany çaganyň hereketlenme ukyby ýörite synaglaryň kömegi bilen 10, 14 we 17 ýaşlarda barlanyldy. Alymlar göwreliligiň soňky aýlarynda üç ýa-da ondan hem köp stress ýagdaýyna getirýän sebäplere sezewar bolan aýallaryň çagalarynyň sazlaşykly hereketlenme endiginde kynçylyklarynyň bardygyny anykladylar. Bu ýagdaý barlagçylar tarapyndan geçirilen her gözegçilikde anyklanylýardy.

Sazlaşykly hereketlenme ukyby hat ýazma, ylgama ýaly dürli durmuşy meseleleri çözmede kynçylyk döredip biler. Alymlaryň bellemegine görä, stress hadysalary göwreliligiň soňky aýlarynda ösýän beýnijigiň ýagdaýyna täsir edýär. Maýmynlarda geçirilen ondan öňki barlaglar hem enesiniň stress ýagdaýynyň çagasyna täsir edýändigini görkezdi. Şonda alymlar, esasy sebäbiň stressiň gormony bolan kortizoldygyny belläpdiler.

  • 2274 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Biziň hemmämiz artykmaç agramlylygyň beden üçin artyk ýük bolup, saglyga zyýan ýetirýändigini bilýäris. Ýöne semiz adamlaryň hemmesi horlanmaga ymtylmaýarlar.

Psihologlaryň bellemegine görä, semiz adamlaryň ençemesi öz uly bedenini salyhatlylygyň nyşany höküminde kabul edýärler. "Uly ölçeg – uly hormat" düşünjesine eýerip, uly göwräniň olary sosial basgançakda beýgeldýändigine ynanýarlar.

Başga bir sebäp – öz-özüňe gözegçilik etme ukybynyň bolmazlygydyr. Dürli emosional ýagdaýlaryň täsirinden özbaşdak çykyp bilmän, süýjüli tagamlaryň we myssyjak bulkalaryň ýesirine öwrülmegiň hem bir sebäpdigini ekspertler belleýärler.

Iýmitlenmäni durmuşynyň esasy manysyna öwürip ýaşama, gynansakda, biziň döwrümizde ýygy duş gelýän ahwalatlaryň biridir. Köp adamlar üçin tagamy saýlamak, ony taýynlama we kabul etme – boş wagtyny geçirmegiň ýeke-täk ýoly bolup durýar.

Horlanma çäresi iýmitlenme düzgünini üýtgetmegi talap edýär. Bu bolsa esasan hem iýmegi durmuşynyň ýeke-täk şatlyk çeşmesi hasaplaýan adamlarda gorky döredýär. Köplenç horlanmadan gorkýan adamlaryň durmuşynda gyzyklanma we güýmenje çeşmeleri bolmaýar.

Ýöne bu ýagdaýyň başga tarapy hem bardyr. Işe berlen adamlar hem öz artykmaç agramyna öwrenşip bilerler. Işeňňir adam hemişe stress ýagdaýda bolup, kadaly iýmitlenmän biler. Onuň ýaly ýagdaýda beden ýagyň köp mukdaryny ätiýaçlyk üçin toplaýar – netijede, agram has hem artyp başlaýar.

  • 2367 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Alymlaryň kesgitlemegine görä, ekstrakorporal (bedenden daşary) tohumlandyrmany başyndan geçiren aýallarda wagtyň geçmegi bilen ýumurtgalyklaryň rak keseline ýolukma töwekgelçiligi 3 esse ýokarlanýar. Olar nesil önelgeliligiň soraglary bilen işleýän lukmanlara şeýle usuldan peýdalanjak aýallary goşmaça barlagdan geçirmegi maslahat berýärler. Şeýle netijeler 20 ýylyň dowamynda bedenden daşary tohumlandyrmany başdan geçiren 2.550.000 aýalyň saglyk ýagdaýynyň öwrenilmegi netijesinde alyndy.

Şeýlelikde, bedenden daşary tohumlandyrma rak keseline ýolukmany 37% ýokarlandyrýar. Ilkibaşdan, aýallarda hem önelgelilige, hem rak keseline sebäp bolýan faktorlaryň bolmagy göz öňüne tutulyp bilner. Bu usuly amala aşyrma (ony geçirmek üçin ulanylýan serişdeler) hem bu töwekgelçiligi ýokarlandyryp biler. Bu töwekgelçilik has hem bu usul geçirlenden soň, 3 ýylyň dowamynda ýokarlanyp biler.

Alymlar bedenden daşary tohumlandyrmanyň saglyk üçin howpsuz däldigi babatda ylalaşýarlar. Bu çäräniň çäginde ýumurtgalyklara bir aýallyk öýjügiň deregine birnäçe öýjükleri emele getirmegi mejbur edýärler. Bu bolsa beden üçin kadasyz ýagdaýdyr. Ýöne bu soragyň ençeme anyklanmadyk taraplary bardyr. Nähili bolanda hem alymlar howatyr almaklykdan saklanmaga çagyrýarlar: barlaglar geçirilýän wagty bu usuly ulanan her 10.000 aýalyň diňe 15-de rak keseli anyklanyldy.
 

  • 2302 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (21 Ses)

Saýtymyzyň gadyrly okyjylary!

Wagt misli çapyşyga göýberlen dor at kimin duşumyzdan gaýym bolup, biziň täze meýillerimiziň başlangyjyny goýýar, başa baran hyýallary jemlemäge, yzyňa ser salmaga itergi berýär. Şu gün Saglyk.org saýtynyň döredilenine 5 ýyl boldy.

Wagt ölçegi jähtinden bu kän bir uly möhlet bolmasa hem, belli tutumlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän döwre öwrülip biler. Adam we onuň bedeni, adam saglygyny gorap saklamagyň düzgünleri, onuň daşky we sosial gurşaw bilen inçe arabaglanşygyny açyp görkezmäge ýardam berýän maglumatlary okyjylara ýetirme biziň öňde goýan wajyp maksadymyz bolsa, okyjylaryň ol ýa-da başga mesele babatda pikirini bilme, ony söhbetdeşlige çagyrma biziň esasy maksadymyza öwrüldi.

Bir akyldar: "Hakykat çekeleşikde döreýär" diýip aýdypdyr. Siziň saýtda, sosial ulgamlarda beýan edýän pikirleriňiziň, teswirleriňiziň her biri biziň üçin diýseň zerur we gymmatly. Çünki siz biziň amala aşyrýan işlerimiziň aýnasy, biziň gönümel we açyk söhbetdeşimiz, dostumyz bolup durýarsyňyz.

Şanly 5 ýylyň sepgidinde biziň üçin wajyp bolan "Saýtyň geljegini nähili görýärsiňiz?" diýen soraga Siziň berjek jogaplaryňyzyň we äşgär etjek pikirleriňiziň biziň üçin juda gymmatlydygyny belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 2402 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Stokgolmda 2015-nji ýyl boýunça fiziologiýa we lukmançylykda Hobel baýragynyň laureatlary bellenildi.

Baýragy ikä böldüler. Onuň bir bölegini mugthorlar tarapyndan ýaýradylýan ýokançlygyň bejergisiniň täze usuly üçin irlandiýaly Uilýam Kämpbell we ýaponiýaly Sagosi Omura aldylar.

Baýragyň beýleki bölegi gyzzyrma keseliniň bejergisiniň täze usuly üçin hytaý alymy Ýuýu Tu berildi.

Kämpbell bilen Omura onhoserkoz (derýa körlügi) we limfatiki filýariatoz bilen keselçiligi peseltmäge ýardam berýän derman serişdesini oýlap tapdylar. Ýuýu Tu gyzzyrma keselinden ölümçiligi peseldip biljek esasy derman serişdesi bolan artezimini açdy.

  • 1894 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Piwo içgisini halaýan adamlardan tapawutlylykda, çakyr içmegi halaýan adamlarda dyz bognunyň sowuklamasy seýrek duş gelýär. Piwo içgisini söýüjilerde bolsa, bogunlaryň sowuklama keseliniň (artrit) döreme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny The Daily Mail belläp geçýär.

Hünärmenler 45-86 ýaş aralygyndaky, but we dyz bogunlarynyň artritinden ejir çekýän erkekleriň we aýallaryň 2000-iň endiklerini öwrendiler. Olary 1000 sany sag adamdan ybarat topar bilen deňeşdirdiler.

Içmeýän adamlar bilen deňeşdirlende, hepdede 20 we ondan hem köp birlik piwo içýän meýletinçileriň 93%-i dyz bognunyň zeperlenmegine sezewar boldular. Şonuň ýaly-da, olarda but bogny bilen bagly zeperlenmeler hem 2 esse köp duş geldi.

Hepdede 6 bulgur çakyr içýän adamlar bolsa, dyz bognunyň artritinden 44% seýrek ejir çekýärler.

Alymlar barlaglaryň netijelerini şeýle düşündirýärler: çakyrda antioksidant bolan polifenollar saklanyp, olar bogunlary sowuklamadan goraýarlar. Öz gezeginde, piwo içgisi bogunlary zeperlendirýän peşew turşulygynyň derejesini ýokarlandyrýar.

  • 2015 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýüregiň infarktynyň, insultyň we ýogyn içegäniň rak keseliniň döreme töwekgelçiligini peseltmek üçin, 50 ýaşly adamlara her gün aspiriniň az mukdaryny bellemelidir.

Öňüni alyş çäreleri boýunça amerikan garaşsyz topary, ýurek-damar ulgamynyň keselleriniň döreme ähtimallygy ýokary bolan we gan akmalar ýaly ýaramaz täsirleri döreme töwekgelçiligi pes bolan adamlara her gün aspiriniň bellenen mukdaryny kabul etmegi maslahat berýär.

"Berlen maslahatlar esasan 50 ýaşly adamlara degişli bolsa hem, lukmanlar beýleki çärelerden degişli netijeleri almaýan 60 ýaşly näsaglary hem nazara almalydyrlar" – diýip, Amerikan garaşsyz topary öz hasabatynda belleýär.

Şeýle bejergini ýaramaz täsirleriň döreme töwekgelçiligi bolmadyk, soňky 10 ýylda infarktyň we insultyň döreme töwekgelçiligi 10%-den pes bolmadyk adamlara maslahat berip bolýandyr. Belli bolşy ýaly, aspiriniň dowamly kabul edilmeginiň ýaramaz täsirleri höküminde iýmit-siňdiriş agzalaryna gan inme ýagdaýyny belläp bolýandyr.

Ýeri gelende, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň geçiren barlaglary esasynda, Ýer Togalagynyň ýaşaýjylarynyň biwagt ölüminiň sebäpleri barada toplanan maglumatlar barada aýtmak ýerlikli bolardy. Köp sebäpleriň arasynda esasy sebäp-ýürek-damar ulgamynyň keselleri anyklanyldy. Hasaplara görä, 2012-nji ýylda ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden 17,5 mln. adam ýogalyp, bu dünýä boýunça ölümçiligiň 31%-ni düzdi. Olardan 7,4 mln.adam ýüregiň işemiýa keseli netijesinde, 6,7 mln. adam bolsa insult sebäpli ýogalypdyr.

  • 1910 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlar üýtgedilen görnüşiniň çagalarda agressiw häsiýetliligi döredip bilýän geni ýüze çykardylar. Barlaglar Developmental Psycholigy žurnalynda çap edildi.

Psihologlaryň düşündirişine görä, 4 ýaşa çenli çagalarda agressiw häsiýetliligiň syn edilmegi kadaly ýagdaý hasaplanýar. Ýöne käbir ýagdaýlarda şeýle häsiýet bilen bagly kynçylyklar uly ýaşlarda hem dowam edýär. Şeýle ýagdaý beýle kynçylyklary çaga diňe jynsy kämillik döwründe dälde, ondan soň hem çekip biljekdigini äşgär edýär.

Barlagçylar üýtgeme netijesinde uly ýaşly çagalarda hem agressiw häsiýetliligi ýüze çykarýan geni tapdylar. Gen COMT adyny alyp, ol çagalyk döwründe sezewar bolnan ruhy sarsgynlyklar netijesinde üýtgemäge ukyplydyr.

  • 2392 gezek okalan