Bu maglumaty şäheriň saglygy goraýyş departamentiniň başlygynyň orunbasary A. Pogonin habar berdi. Ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, dawasyz gatnaşyklary alyp barmagy öwredýän okuw meýilnamasy Moskwa şäheriniň dolandyryjy uniwersitetiniň ýardan bermeginde ýola goýuldy. Meýilnama ýylyň dowamynda ýerine ýetirilip, hemme lukmanlara we şepagat uýalaryna näsaglar bilen mylakatly, dawalary we düşünişmezlikleri aradan aýryp biljek aragatnaşyklary alyp barmagyň usullary öwrediler.
Ondan başga-da, şäheriň saglyk öýlerindäki hemme habar beriş stendleriň we ýazgylaryň bir görnüşe getirilmesine garaşylýar.
Möýleriň, ýylanlaryň we başga mör-möjekleriň zäheri ölüme getirip bilýändir. Oňa garamazdan, Kwislend Uniwersitetiniň alymlary käbir zäherleriň peptidli böleginiň agyrsyzlandyryjy derman serişdeleriniň esasyny düzüp biljekdigini anykladylar.Dowamly agyrlardan ejir çekýän millionlarça adamlar täze öndürilen agyrsyzlandyryjy serişdeleriň kömegi bilen ýaşaýarlar. Ýöne bu dermanlaryň ukladyjy häsiýetiniň hem ýüze çykyp, adam üçin howply bolmagy mümkindir.
Alymlaryň Protx-II diýip atlandyran ýaşyl peruan mahmal garagurtynyň zäheri hem güýçli agyrylary aýyrmaga ukyplydyr. Bu açyşyň awtorlary Protx-II nähili täsir edýändigini düşündirdiler. Madda nerw öýjükleriniň membranalaryndaky reseptorlar bilen baglanşyp agyryny aýyrýandyr. Garagurtyň zäheriniň işjeň peptidi entek alymlar tarapyndan öwrenilýän bolsa-da, olar bu barlaglaryň kömegi bilen diňe agyrsyzlandyryjy dermany döretmän, eýsem beden öýjükleriniň başga zäherlere bolan duýujylygyny anyklamagy tama edýärler.
Dünýäde süýjüli diabetden ejir çekýän 247 mln. golaý adam ýaşaýar.
Keseli bejermegiň we öňüni almagyň iň netijeli ugry – kesel barada habarly bolmakdyr. Aşakda beýan edilýän delillere siz adaty habar beriş serişdelerinde duş gelmeýäňiz. Olar barada lukmanyňyz hem size aýtmaz. Ýöne bu deliller size bu keseliň döredýän kynçylyklarynyň çynlakaýdygyny aňşyrmaga kömek edip biler.
1. Diabetiň II görnüşinden ejir çekýän adamlaryň 90%-i beden agramynyň artykmaçlygyndan hem kösenýärler. Semizlik – köpleriň pikir edişi ýaly, keseliň duçar edýän kynçylygy bolman, onuň sebäbidir. Aşa köp iýmek, fiziki işjeňligiň bolmazlygy diabetiň II görnüşiniň döremegini tijendirýändir.
Dowamy
Bu keseliň ady "autos" diýen latyn sözünden gelip çykyp, "özüm" diýmegi aňladýandyr. Autizm − öz-özi bilen, öz dünýäsinde ýaşaýan adamynyň keselidir. Bu keselli çaga öz dünýäsinde ýaşap, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalary, wakalary kynlyk bilen kabul edýändir. Autist adamlar bilen, şol sanda ene-atasy bilen gatnaşykdan, gürrüňdeşlikden gaça durýar, özi bilen sözleşilende hiç hili jogap bermän hem bilýär. Olardaky şeýle häsiýet, olaryň eşidiş agzalarynyň bozulmalarynyň bardygy barada çaklamalaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Häsiýetinde bar bolan "täsinliklere" garamazdan, autist çaga akyl taýdan kämil bolup, ylymyň we sungatyň käbir ugurlarynda üstünlik gazanyp bilýär. Ondan ussat sazanda, alym, suratçy kemala gelip bilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem, şeýle çaga öý hojalygynda we jemgyýetde möhüm bolan ýönekeýje endiklerden we ukyplylykdan baş çykaryp bilmän, kynçylyk çekip biler. (Autizmiň sebäpleri, alamatlarynyň köpdürliligi barada doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Çaga autizmi: sebäpleri we alamatlary" atly makaladan okap bilersiňiz)
Dowamy
Boston University Medical Center-iniň habar bermegine görä tehnologiýa diňe bir ulularyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmän, eýsem, çagalaryň hem durmuşynda uly orun eýelemäge başlady. Emma munuň çagalara dürli taraplardan nähili täsir edýändigi barada heniz ýeterlik barlaglar geçirilmedi.
Häzire çenli alnyp barylan birnäçe derňewleriň netijeleri 30 aýdan kiçi çagalaryň hakyky adamlar bilen aragatnaşyk edip öwrenýän ukyplaryny telewizordan we wideolardan öwrenip bilmeýändiklerini tassyklan hem bolsalar, bilim, terbiýe maksatly elektroniki programmalaryň nä derejede kanagatly netije berýändikleri barada barlaglar ýok diýen ýaly.
Öňki käbir gözleg işleri bilim maksatly elektroniki programmalaryň (kitaplar, sözlükler, ýazmaça we matematiki oýunlar) 3 ýaşdan uly çagalara peýdaly bolup bilýändigini nygtapdylar. Emma şeýle programmalaryň 3 ýaşdan kiçi çagalara ýetirip biljek peýdasy henizem sorag astynda galýar. Umumy alanyňda bolsa, çagalaryň telewizora köp güýmenmegi olaryň gürlemek we sosial ukyplaryny peseldýändigi, ýaş çagalaryň hem zatlary ellemek, adamlar bilen aragatnaşyk etmek arkaly has gowy öwrenýändigi subut edilendir.
Ýaş çagalary köşeşdirmek üçin ulanylýan elektroniki programmalaryň çagalaryň özlerine erk etmek, sagdyn pikirlenmek we duýgudaşlyk ýaly deň-duşlary bilen gatnaşykda bolup öwrenýän sypatlarynyň ösmegine zelel berýändigine bilermenler şübhelenmeýärler. Şol sebäpli hem ene-atalara mümkin boldugyça çagalary bilen bile wagt geçirmek, söhebetdeşlik etmek maslahat berilýär.
Nemes alymlarynyň kesgitlemegine görä, öýlenen erkek adamlar uzak ýaşaýan bolsalar hem, durmuşa çykan aýallaryň ömri bir ýarym ýyla çenli gysgalýar. Magdeburg Uniwersitetiniň barlagçylaryna Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýaşaýan 100 müňden hem köp dürli jynsdan bolan adamlardan maglumat ýygnamak başartdy.
Durmuşa çykmadyklar bilen deňeşdirlende, durmuşa çykan aýallaryň ömrüniň gysgalmagynyň esasy sebäbi iş bilen öý hojalygynyň keşigini bilelikde çekmekden döreýän stress bolup durýandyr. Aýallaryň öz ýanýoldaşlarynyň hemme häsiýetlerini, şol sanda ýaramaz häsiýetlerini hem kabul edip almagy bolsa, ýene bir sebäp bolup durýandyr. Ondan başga-da, maşgalaly aýallaryň ömrüniň dowamlylygyna kadaly geçirilýän jynsy gatnaşyklar ýaramaz täsir edýär. Aýallaryň ömrüni gysgadýan jynsy gatnaşyklar, tersine erkek adamlara peýdaly bolup, erkek bedeniniň gormonal ýagdaýyna ýaramly täsir edýändir.
Nemes alymlarynyň alan netijeleri bilen bir wagtda Britan statistika boýunça Milli gullugynyň görkezijileri hem äşgär edildi. Ol görkezijilere laýyklykda, 1981-2002 ýyllar aralykda Beýik Britaniýada erkek adamlaryň ömrüniň dowamlylygy 5,1 ýyla uzalsa, şol ýyllar aralygynda aýallaryň ömri ortaça diňe 3,7 ýyl aralygy köpelipdir.
Numbai’s Nanavati Super Spesialty Hospital klinikasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, serotonin we dopamin gormonlarynyň ýetmezçiligi ruhy gamgynlylyk, ünsüň peselmegi, keýpiň bolmazlygy, öz-özüňe kast etmäge meýliň döremegi, göze görünmek we gulaga eşidilmek duýgylaryň döremegi ýaly saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklara getirip bilýär. Barlagyň awtory, neýrohirurg Mohiniş Bhwatiwaliň düşündirmegine görä, bedende bu gormonlaryň derejesiniň peselmegi adamyň keýpiniň bozulmagyna getirýär. Dopamin gormony keýpiň köklügini saklamaga kömek etse, serotonin emosional asudalygyň, ynamlylygyň saklanmagyna ýardam edýär. Bedende bu neýrohimiki maddalaryň kadaly saklanmagy üçin, alymlar fiziki işjeňligi saklamagy, ýoga bilen meşgullanmagy, dem alyş maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, triptofan saklaýan önümleri, meselem, goňur tüwi, ýaglar, deňiz önümleri ýaly iýmitleri kabul etmek peýdaly netijeleri berip biler. Çünki triptofan beýnide serotonin gormonyna öwrülýändir. Hürärmenleriň pikirine görä, özüňi gowy duýmagyň iň peýdaly dermany – peýdaly iýmitlenme, dynç alma, halaýan işiň bilen meşgullanma we özüňe emosional ýaramly adamlar bilen gatnaşyk saklamadyr.
Bingempton uniwersitetiniň amerikan alymlary adamlary ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryň hemmesiniň DNK-nyň nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşli geni bolan erkek adamlaryň hiç hili jogapkärçilik duýmazdan jynsy gatnaşyklary geçirip bilmäge meýillidigini ýüze çykardy. Alymlar bu geniň beýniniň lezzetlilige jogap berýän merkezi bilen arabaglanşygynyň bardygyna güman edýärler. Ekspertleriň düşündirmegine görä, uzaga çekmeýän gatnaşyklary bu geni saklamaýan adamlar hem açýan bolsalar, bu geni göterijiler tertipsiz seksual gatnaşyklary geçirmäge has ýykgyn bolýarlar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şu ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne Latyn Amerikasynyň birnäçe döwletine ýaýran afrikaly Zikanyň wirusynyň, Kanadany we Çilini hasaba almanyňda, bütin Günbatar Ýarymşaryna howp salýandygyny habar berdi.
Zikanyň wirusy 1947-nji ýylda tapyldy. Ilkinji gezek ol Ugandanyň Zika tokaýlaryndaky rezus makaka maýmynlarynda tapylyp, birnäçe ýyldan soň adamlarda hem ýüze çykaryldy. Bu wirus çybynlar arkaly ýaýraýar, ýöne jyns gatnaşygy arkaly ýokuşmagyň mümkindigi barada hem maglumatlar bar.
Dowamy
Biz geçen ýylyň gyzykly ylmy açyşlaryny size ýatladasymyz gelýär. Dünýäni antibiotiklere duýgur bakteriýalar "basyp" aldylar, sütünli öýjükleriň kömegi bilen agyr keseli üstün çykma, nobel laureatyna bolsa bagta baha bermek başartdy, emeli döredilen aşgazanasty mäz bolsa adamlarda üstünlikli ulanyldy.
Nobel baýragy: gyzzyrma, genetiki özgermeler we bagtlylyk
Nobel baýragynyň fiziologiýa we lukmançylyk ugrundan berilmegi ylymda 2015-nji ýylyň iň wajyp wakalarynyň biri boldy. Geçen ýyl gyzzyrma, onhoserkoz ýokançlyklaryna garşy derman döreden alymlary sylagladylar. Bu derman serişdeleri amaly lukmançylykda eýýäm giňden ulanylyp, millionlarça adamlaryň ömrüni halas etmäge kömek etdi.
Dowamy