1 1 1 1 1

Alymlaryň bellemegine görä, Russiýada öňki agdyklyk edýän wirusyň Merkezi Aziýadan gelen wirus bilen birleşmesinden soň AIW-iň täze görnüşi döredi.

Bu barada D. I. Iwanowskiý adyndaky wirusologiýa institutynyň immunohimiýa barlaghanasynyň bölüm müdüri E. Karamow habar berdi.

"Bizde düýbünden üýtgeşik ýagdaý döredi. Bizde hereket edýän wirus ABŞ-da, Günbatar Ýewropada, Hytaýda we Afrikada belli bolan wirusdan üýtgeşikdir. Ýöne ýagdaýlar düýpleýin we çalt üýtgeýär. Häzir Orta Aziýadan gelýän işçi migrantlar bilen bile täze AG wirusy peýda boldy. Ol esasy rus A1 wirusy bilen birleşip, has howply bolan täze A63 wirusyň döremeginiň sebäbi boldy".

Alymyň aýtmagyna görä, täze wirus köp adamlaryň arasynda, şol sanda Moskwanyň sebitlerinde hem giňden ýaýrady.

  • 1413 gezek okalan

TÄZE 2017 ÝYLA SAGLYK BILEN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (17 Ses)

HORMATLY OKYJYLAR!

Şatlygy, garaşylmadyk ýakymly pursatlary, umytlary, isleg-arzuwlary peşgeş berýän Täze Ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Täze ýylda Size hyjuw berýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, Size egsilmez bagtlylyk berýän maşgalaňyzyň abadan bolmagyny, durmuşa höwes döredýän umytlaryňyzyň ýerine düşmegini we durmuşy üstünlikleriň gazanylmagyny, iň esasy hem-siziň esasy baýlygyňyzyň – saglygyňyzyň berk bolmagyny arzuw edýäris.

TÄZE ÝYL BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 2041 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Pes sosial "basgançaklarda" ýaşama immun ulgamynyň ýagdaýyny peseldýändir – ýürek-damar keselleriň, süýji keseliniň, ruhy bozulmalaryň döreme töwekgelçilikleri ýokarlanýandyr. Bu barada Dýuka Uniwersitetiniň hünärmenleri habar berdiler. Maýmynlar bilen geçirlen tejribeler, ýaramly şertlerde ýaşan öz topardaşlary bilen deňeşdirlende, ýaramaz şertlere sezewar edilen maýmynlar keselli we gaharjaň bolup, olaryň ömrüniň dowamlylygy hem gysgalypdyr. ABŞ-da baý we garyp adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň aratapawudy ulydyr – 15 ýyl töweregi.

Bu maglumatlar pes sosial ýagdaýyň adamlara ýaramly şertlerde ýaşamaga, kadaly we ýokary hilli iýmitlenmäge we kesellerini bejermäge mümkinçilik bermeýändigi bilen düşündirilýändir.

Alymlaryň ynamly bellemegine görä, immun ulgamy ýaşaýşyň gowlandyrylan şertlerine uýgunlaşmaga ukyplydyr we sosial ýagdaýy üýtgände adamynyň uzak ýaşamaga mümkinçiligi döreýändir.

  • 1678 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

Bu barada Rotterdam Uniwersitetiniň alymlary habar berdiler. Maşgaladaky mähirli gatnaşyklar göniden-göni ýetginjekleriň seksual durmuşyna täsirini ýetirýändir. Bu faktor has hem gyzjagazlar üçin wajypdyr. Ejesi bilen psihologiki ýakynlygyň derejesi näçe ýokary boldugyça, şonça hem ýetginjek gyzjagazyň "daşdan" mähirliligi gözleme ähtimallygy pesdir. Ýetginjeklik döwründe seksual ýakynlylyk wajyp talap bolman, özüňe ünsi çekmek, käwagtlar bolsa bilgeşleýinden ýakynlaryny alada goýmak usuly bolup durýandyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, ejesi gözegçiligi aşa ýokarlandyrman, wagtynyň köp bölegini gyzy bilen geçirýän maşgalalarda gyzjagazlar has bagtly ulalýarlar we olarda irki jynsy gatnaşyklara bolan isleg döremeýär. Ondan başga-da, köp maşgalalarda ejesi gyzyna esasy seksual terbiýäni berýän terbiýeçi bolup, gyzjagazyň ulalandan soň jynsy gatnaşyklara garaýşynyň kämilleşmegi üçin hem ol jogapkärdir.

  • 1829 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Pornografiýa mazmunly filmleriň çagalar tarapyndan seredilmegi, olarda özlerinden kiçi we öz deň-duşlaryna bildirýän seksual zulumlylygynyň sebäbi bolýar. Bu barada Melburn Uniwersitetiniň alymlary habar berdiler. Internediň we mobil serişdeleriň kömegi bilen pornografiýanyň elýeterli bolmagy howply sosial hadysadyr. "Ululara" niýetlenen serişdelere tomaşa edýän ýetginjekler zulumlylyga has ýykgyn bolup, olarda seksual zulumlylyga ýykgyn etme islegi hem uly bolýar. Statistiki maglumatlara görä, has hem 6 ýaşa çenli çagalar uly ýaşly çagalar tarapyndan şeýle zulumlyga sezewar edilýändir, 12 ýaşa çenli çagalar hem şeýle howp toparyna degişlidir.

Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle gyzyklanmalar seksual durmuşy barada ýalan düşünjelere eýe bolmaklyga sebäp bolýar. Bu ýagdaýlara garşy çykmak üçin, mekdebiň birinji synplaryndan başlap jynsy gatnaşyklary bilen bagly terbiýäni bermek dogry bolardy.

  • 2187 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Şeýle netijäni Kopengagende ýerleşýän Ýewropa onkologiýa jemgyýetiniň konferensiýasynda birnäçe belli daniýaly alymlar beýan etdiler. Olaryň pikirine görä, esasy delil – bu kesel dowamly ýagdaýa eýe bolar. Adamlar onlarça ýyllar täze döremeler bilen ýaşap, başga, adaty sebäplerden ýogalarlar.

"Meniň pikirimçe, millionlarça ýyllap adamzada belli bolan rak keselini düýbünden ýeňip boljagy barada öz-özümizi aldamagyň geregi ýokdur. Bu keseli ýeňip bileris diýip pikir edemok, ýöne ony öz gözegçiligimize alyp bileris – ol ölüm howply bolman, dowamly häsiýete eýe bolar" diýip, Daniýa onkologiýa jemgyýetiniň barlaglar bölüminiň ýolbaşçysy Ýorgen Olsen aýdýar.

Hakykatda bolsa, eýýäm häzir rak keselli näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy uzalýandyr. Bu üstünlik adamynyň immun ulgamyna täsir etmegi öwrenmek arkaly gazanyldy. Bu usullar adamynyň ummun ulgamyny rak öýjüklerine garşy hüjüm etmäge mejbur edýär. Käbir halatlarda bolsa ony himiýa we şöhle bejergisiniň ýerini tutup biljek howpsuz usul diýip hasap edip bolar.

"40 ýyl ozal rak kesgitlenenden soň, näsaglaryň diňe 35%-i bäş ýyl ýaşaýardylar. Häzir – 60-65%. Ýagny biz dogry ugurdan barýarys – kesele garşy bolmadyk waksinany gözlemän, näsagyň ýaşaýşyny üpjün etmelidiris" diýip, molekulýar bozulmalary laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Mads Daugor düşündiriş berýär.

Ragyň üýtgäp durmagy, ony bejermekligiň esasy kynçylygy bolup durýandyr. Rak aňsatlyk bilen dermanlara uýgunlaşýar, üýtgeýär.

  • 4296 gezek okalan
1 1 1 1 1

Londonyň Imperýa kollejiniň alymlarynyň alan maglumatlaryna görä, dünýä boýunça gan basyşy ýokary adamlaryň sany iki esse ýokarlanýandyr – 1975-nji ýylda hasaba alnan 594 mln. adamdan, 2015-nji ýylda 1 mlrd. çenli. Bu ösüş Ýer togalagynyň ilatynyň köpelmegi we gartaşan adamlaryň sanynyň ýokarlanmagy bilen baglanşyklydyr.

Barlagyň awtory Madžid Ezzatiniň bellemegine görä, gan basyşyň ýokarlanmagy ýürek-damar keselleriň we beýnä gan inme keseliniň esasy sebäbi bolup durýandyr. UPI.com.-yň habar bermegine görä, bu sebäpden her ýyl 7,5 mln. adam ölýändir (esasan hem ösüp barýan döwletlerde).

Gan basyşy ýokary adamlaryň sanynyň köpelmegi Bangladeş, Nepal ýaly girdejisi orta we pes bolan Günorta Aziýanyň döwletlerinde, Efiopiýa we Malawi ýaly Tropiki Afrikanyň döwletlerinde hasaba alnypdyr. Ondan başga-da, gan basyşynyň ýokarlanma kynçylygy Ýuwaş okeanyň ada görnüşli döwletlerinde we Merkezi hem-de Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda hem ýitidir. Meselem, Sloweniýa we Litwa.

ABŞ-da we Awstraliýa, Kanada, Germaniýa, Ýaponiýa, Şwesiýa ýaly ösen ýurtlarda gan basyşy ýokarlanýan adamlaryň sany azdyr. 2015-nji ýylda Awstraliýada, Kanadada, Beýik Britaniýada, Peruda, Singapurda, Günorta Koreýada we ABŞ-da bu keseliň ýaýrama görkezijileri has pes bolupdyr. Bu keselden her sekizinji aýal we her bäşinji erkek adam ejir çekipdir.
 

  • 1608 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Arizona Uniwerstitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, garrylyk döwründe aklyň dürsligini we çalt pikirlenip netije çykarma endigini saklamaga bedeniň kadaly agramlylygy kömek edip biler. Semiz garry adamlaryň, olaryň kadaly beden agramy bolan deň-duşlary bilen deňeşdirlende, ünsliligi, pikirlenmegi we ýady pesdir. Ondan başga-da, artykmaç agramlylyk beýniň işine ýaramaz täsir edýän alawlama hadysasynyň döremegine getirip bilýändir. Bu bolsa Alsgeýmeriň we Parkinsonyň keseliniň döremegi üçin itergi bolup bilýändir. Artykmaç agramly garry adamlarda pes derejeli immun goraglylyk bolýar, sowuklama keselleri bilen ýygy keselleýär, çalt ýadaýarlar we ukysyzlykdan kösenýärler.

  • 1771 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şähdaçyk, ýylgyrmana, gülmäne sebäp tapýan aýallar hakykatdan hem uzak ýaşaýarlar. Şeýle netijä geçiren 15 ýyllyk ylmy tejribesiniň netijelerini jemlän norwegiýaly alymlar geldiler. Durmuşa pozitiw garaýan aýallara agyr kesellerde hem uzak ýaşama başardýar. Ýürek-damar ulgamynyň kesellerini, ýokanç keselleri aýallara gülki bilen ýeňip geçme aňsatdyr. Aýallaryň arasyndaky ölümçiligiň we gülkä, ýumora düşünme başarnygynyň arabaglanşygyny öwrenip, pozitiw garaýyşly aýallaryň arasynda döreýän ölümçiligiň ýürek, öýken keselli erkekler bilen deňeşdirlende 73% pesdigi kesgitlendi. Alymlaryň pikirine görä, gülki stresse garşy durýan güýçli serişde bolup, immun ulgamyny dargadýan kortizolyň bölünip çykmasyny togtadýandyr.

  • 1642 gezek okalan